SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Kubanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2026-njy ýylyň 27-nji maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-kuba hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň halkara gurama...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Germaniýanyň DIM-niň Döwlet ministri bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler federal ministrliginiň Ýewropa meseleleri boýunça döwlet ministri Günter Krihbbaumyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki meselelerini ara alyp maslahat...
Türkmenistanyň Ilçisi ABŞ-nyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Ak tamda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy. Dabaranyň dowamynda Ilçi E.Aýdogdyýew ABŞ-nyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. A...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat
2026-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň...
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklardyr çäreler geçirilýär. Ýurdumyz bu möhüm wezipä jogapkärli çemeleşmek bilen, öňde goýlan wezipeleri bilelikde çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşini...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi. RF-iň Hökümetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň dostlugyň we özara hormat goýmagyň berk...
Turkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Turkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripowy kabul etdi. Abdulla Aripowy bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň gazanýan uly üstünliklerine tüýs ýürekden guwanylýandygyny belledi. Özbegistanyň Premýer-mi...