TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
«Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi
2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Şanly waka mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň mer...
Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi....
W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlap aýdym-sazly medeni çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsullygynyň işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy hem-de uniwersitetiň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Gar...
Türkmenistanyň DIM-de "Parahatçylyk we sport" halkara guramasynyň Prezidenti we esaslandyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen "Parahatçylyk we sport" halkara guramasynyň Prezidenti we esaslandyryjysy, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň geňeşçisi jenap Žoel Buzunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Jenap Buzu Halkara bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aş...
Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň wajyp gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem...
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisine gatnaşýar
2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada ÝUNESKO-nyň Baş direktory Khaled Ahmed El-Enany, şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Daşary işler we Medeniýet ministrleri çykyş etdiler. Mejlisiň işine ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky konwensiýasyna agza bolan 181 döwletiň we hökümete degişli däl guramalaryň wekil...
Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 9-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine we ösüp barýan ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Gaznanyň şahamçasynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Jana şypaly howasy we...