RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri gepleşikler geçirdiler

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanda bolýan Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň Premýer-ministri ýurdumyzda bildirilen myhmansöýerlik hem-de Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, bu masl...

DOWAMY
pic
6 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammed Ýunus Menfi bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary astynda geçýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwle...

DOWAMY
pic
6 Awg

Türkmenistanyň Prezidentiniň Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşygy hakynda

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp, bu halkara maslahata gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu möhüm çärä Eswatini Patyşalygynyň ýo...

DOWAMY
pic
6 Awg

Türkmenistan we Estoniýa Respublikasy özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmekçi

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Berkarar myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Estoniýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler we ösüş boýunça orunbasary Mariin Ratnigiň arasynda duşuşyk geçirildi.   Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky gatnaşyklary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegine garadylar we häzirki ýagdaýyna baha ber...

DOWAMY
pic
6 Awg

Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Artur Erkeniň ýolbaşçylygyndaky Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistan bilen IOM-yň arasyndaky möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň...

DOWAMY
pic
31 Iýul

Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar

2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Apirat Sugondhabhiriň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň...

DOWAMY
pic
31 Iýul

Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we syýahatçylyk ministri Silwester Radegondyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar. Söhbetdeşlikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine aýrat...

DOWAMY