TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ELISTA ŞÄHERINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda KalmykiýaRespublikasynyň Elista şäherinde geçirilýän “Halklar asyrlar boýy” atly sebitleýin forumyň çäginde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli«Bakylygyň nyşanlary: Türkmenler bilen Kalmyklaryň arasyndaky dostlyk we doganlyk köprüsi» atly halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahata Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsuly G.Ilamanow, Kalmykiýa Respublikasynyň Halk Huralynyň (Mejlisiniň) başlygy A.Mihaýlow, Kalmykiýa...
Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşyldy we özara gatnaşyklary giňeltmek babatynda öňde duran bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi. Taraplar migrasiýa dolandyryşy boýunça halkara...
Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Sofia şäherindäki Prezident köşgünde Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýewiň (oturýan ýeri Moskwa şäheri) bu ýurduň Prezidenti Rumen Georgiýew Radewe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamlaryny we iň go...
Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktory bilen duşuşyk hakynda
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktory (IICAS) Ewren Rutbil bilen duşuşygy geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ýakyn geljek üçin özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Gepleşik...
Türkmenistan bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini, hususan-da Türkmenistanyň gatnaşmagynda UNRCCA-nyň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem BMG-niň...
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugur...
Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran sapary hakynda
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda türkmen wekiliýetiniň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji sessiýasyna gatnaşmagynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bu sessiýanyň umumy mejlisinde çykyş etdi. M.Bäşimowa öz çykyşynda Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde ileri tutulýan ugurlar boýunça dürli derejelerde geňeşmeleri geçirmek tejribesiniň ýola goýulandygyny belledi. Türkmenis...