img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Noý

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyna ýaşaýan Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrbynyň Atal obasynda konsert geçdi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň çäklerinde geçirilýän baýramçylyk dabaraly mynasybetli Astrahan şäherinde gelen Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyna 2015-nji ýylyň 14-nji noýabrynda ir-säher bilen türkmeniň klassiki şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine dabaraly gül desselerini goýmak çäresi geçdi. Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Astrahan oblastynyň hökümetiniň agzalary, Astrahan oblastyndaky türkmen diasporasynyň ýolbaşçylary we Astrahan şähe...

DOWAMY
pic
12 Noý

Astrahan şäheriniň “Illýuzion” kinoteatrynda türkmen kino günleri öz işini başlady

Türkmenisanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullugy (Astrahan ş.) Astrahan oblastynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň we 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilýän baýramçylyk dabaralyr mynasybetli Astrahan şäheriniň “Illýuzion” kinoteatrynda türkmen kino günleri öz işini başlady. 2015-nji ýylyň 09-nji noýabrynda türkmen kinolarynyň günleriniň ilkinji güni geçdi....

DOWAMY
pic
11 Noý

TÜRKMENISTAN BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER

2015-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ermeni tarapyň wekiliýetine Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Şawarş Koçarýan ýolbaşçylyk etdi.Duşuşygyň başynda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş derejesini kanagatlanma bilen belläp, taraplar iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyk...

DOWAMY
pic
4 Noý

Türkmenistanyň Ilçisi Braziliýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2015-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Brazilia şäheriniň «Planaltu» Köşgünde Türkmenistanyň Braziliýadaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi A.Ataýewanyň Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Dilma Russeffe ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy boldy. Gepleşikleriň dowamynda Braziliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz mähirli salamyny ýetirmegini sorady we türkmen halkynyň gülläp ösmegini arzuw etdi. Resmi kabul edişligiň dowamynda D.Russeff Türkmenistan b...

DOWAMY
pic
24 Okt

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary

2015-nji ýylyň 22-24-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Türkmenistana ilkinji resmi sapary bilen geldi. Resmi saparyn dowamynda häzirki döwrüň halkara syýasatynyň esasy meseleleriniň birnäçesine umumy ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigi nygtaldy. Bu, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we tutuş dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek bilen bagly bolup durýar. Türkmenistan we Ýaponiýa ýadro ýaragyny ýaýratmazlygy üpjün e...

DOWAMY
pic
14 Sen

Türkmenistan MAGATE-niň agzalygyna kabul edildi

2015-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Wena şäherinde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş konferensiýasynyň 59-njy mejlisiniň dowamynda bu Guramanyň agza döwletleri Türkmenistany MAGATE-niň agzalygyna tassyklamak baradaky kararnamany biragyzdan kabul etdiler. Bu Guramanyň agza döwletleri Türkmenistanyň bütin dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk ýörelgelerine eýerýändigine ýokary baha berdiler.

DOWAMY
pic
12 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen geldi

6-njy awgustda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

DOWAMY