TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI
2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek” gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň w...
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi
2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...
Türkmenistanda ýokary derejeli maslahat geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dürli ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, dünýäniň ýokary syýasy derejeli wekilleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň baştunanlary gatnaşdylar.
Duşenbede Türkmen-Täjik syýasy geňeşmeler geçirildi
2015-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Duşenbe şäherinde Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrleriň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň gün tertibine türkmen-täjik döwletara gepleşikleriniň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak meseleleri goşuldy. Tarapla...
Türkmenistanyň Prezidenti gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy
2015-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy. Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy 2008-nji ýylda döredilen halkara hökümetara guramasy bolup, ol oz duzumine 12 döwlet birlesdiryar: Alžir, Boliwiýa, Wenesuela, Müsür, Eýran, Katar, Liwiýa, Nigeriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Trinidad we Tobago, Ekwo...
Astrahanyň döwlet filarmoniýasynda Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki konserti geçdi
Türkmenisanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullugy (Astrahan ş.) Astrahan oblastynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň we 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilýän baýramçylyk dabaraly mynasybetli 2015-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Astrahanyň döwlet filarmoniýasynda Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki kons...
Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyna ýaşaýan Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrbynyň Atal obasynda konsert geçdi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň çäklerinde geçirilýän baýramçylyk dabaraly mynasybetli Astrahan şäherinde gelen Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyna 2015-nji ýylyň 14-nji noýabrynda ir-säher bilen türkmeniň klassiki şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine dabaraly gül desselerini goýmak çäresi geçdi. Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Astrahan oblastynyň hökümetiniň agzalary, Astrahan oblastyndaky türkmen diasporasynyň ýolbaşçylary we Astrahan şähe...