SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY DOWAM ETDI
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti öz iş saparynyň çäklerinde Germaniya Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Germaniýanyň Daşary işler boýunça Federal ministri Haýko Maas bilen duşuşygy boldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda ýokary derejedäki döwletara gepleşikleriň, Türkmenistan bilen Germaniýany...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň “Nowosti” habarlar agentligi, Gyrgyz Respublikasynyň Tokmok şäherinde bolup geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşýan döwletleriň serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň 80-nji mejlisiniň jemlerine salgylanmak bilen, hamana, türkmen-owgan serhetinde ýagdaýyň ýitileşenligi barada ýalan habary ýaýratdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu habaryň hakykata laýyk gelmeýänligini we ony Türkmenistan b...
AŞGABATDA CAREC-IŇ 17-NJI MINISTRLER MASLAHATY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň 17-nji Ministrler maslahaty geçiriler. Halkara derejesinde geçiriljek bu maslahata CAREC maksatnamasyna girýän agza ýurtlarynyň maliýe we ykdysadyýet ministrleriniň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň dowamynda CAREC-e gatnaşýan döwletleriniň 2018-2030-njy ýyllar üçin strategik hereketiň meýilnamasyna serediler. Şeýle hem m...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE OWGAN WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň “Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn duşuşuk geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjit gurular. Duşuşygyň barşynda tar...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI DUŞUŞDY
2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Özara ynam we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulan dostlukly gatnaşyklary giňeltmek meýillerini bellemek bilen, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary t...
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsulyň Galmygystan Respublikasyna we Stawropol ülkesine iş sapary boldy
2018-nji ýylyň 05-06 noýabry aralygynda Galmygystan Respublikasyna sapary döwründe Konsul Galmygystan Respublikasynyň Hökümetiniň Birinji Orunbasary S.P.Badmaýew bilen, şeýle hem, B.B.Gorodiwikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň prorektory K.E.Badmaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekilleriniň gatnaşmagynda resmi duşuşyklary geçirdi. Şol güni türkmen wekiliýeti B.B.Gorodiwikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen hem duşuşygyny geçirdi. Bu resmi duşuşyklarda...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejedäki ähmiýetini hem-de döwlet Baştutanlarynyň birek biregiň ýurduna amala aşyrýan saparlarynyň aýratyn möhümdigini belläp geçdiler. Şeýle hem, gepleşikleriň dowamynda wekiliýet ýol...