TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
GYÝANLY POLIMER TOPLUMYNYŇ INNOWASIONLYGY WE NETIJELILIGI HALKARA ŞAHADATNAMALARY BILEN BELLENILDI
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Gyýanly gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasynda täze önümçiligiň netijeliligi, innowasion we ekologiki taýdan howpsuzlygyny tassyklaýan şahadatnamalary gowşuryş dabarasy boldy. Kärhanada ýylda 386 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndüriljek 5 milliard kubmetr gaz gaýtadan işleniler. Innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän bu kärhananyň aýratyn ünsi daş-töwrege akdyrylýan gazlaryň täze filtrasiýalarynyň we olaryň geljek...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA GYÝANLYDA GAZHIMIÝA TOPLUMY AÇYLDY
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow polietileni we polipropileni öndürmek boýunça sebitde iň iri gazhimiýa toplumy bolan polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gyýanly şäherçesine bardy. Bu dabara hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalaryň, şeýle hem daşary ýurt kompa...
GYÝANLY POLIMER ZAWODYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Gyýanly Polimer zawodynyň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär. Iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilip, ýylda 386 müň tonna polietileni we 81 müň tonna polipropileni öndürmäge ukyply bu ägirt uly kärhananyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynyň dünýä bazarynda islegleri kanagatlandyryp, şeýle hem eksport mümkiçiligini artdyrar. Bu z...
«TERRORÇYLYK BILEN GÖREŞMEK BOÝUNÇA MILLI WE SEBITLEÝIN MÜMKINÇILIGI BERKITMEK MAKSADY BILEN SERHETLERI GORAMAK WE DOLANDYRMAK BABATYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBE» ATLY OKUWY AŞGABATDA IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlyk etmeginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan gurnalan «Terrorçylyk bilen göreşmek boýunça milli we sebitleýin mümkinçiligi berkitmek maksady bilen serhetleri goramak we dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribe» atly okuwy öz işine başlady. Sebitde terrorçylygyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça işi «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kont...
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly Astrahan oblastynyň gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýetirijisi bilen tanyşlyk duşuşygyny geçirdi
2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Astrahan oblastynyň gubernatorynyň dolandyryş edarasynyň duşuşyklar otagynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly Atadurdy Baýramow Astrahan oblastynyň gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýetirijisi Sergeý Morozow bilen tanyşlyk duşuşygyny geçirdi. Atadurdy Baýramow gubernatoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sergeý Morozowa gutlag sözlerini aýtmagy bilen birlikde wagt tapyp duşuşygyň geçirilýändigi sebäpli minnetdarlygyny...
TÜRKMENISTAN WE BÜTINDÜNÝÄ GÜMRUK GURAMASY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussele bolan iş saparynyň çäginde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş Sekretary j-p Kuniýo Mukuriýa bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, türkmen tarapy serhetde gümrük gözegçiligini kämilleşdirmekde BGG-ň tejribesini öwrenmek we özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma...
BRÝUSSELDA TÜRKMEN-BELGIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler, daşary ykdysadyýet we hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça federal döwlet gullugynyň ministri j-p Didýe Reýnders bilen duşuşygy boldy. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady, energetika, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara bähbitli iki...