SOŇKY HABARLAR
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2019-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine diplomatik notasyny ugratdy, onda Türkmenistanyň Hökümeti Eýran Yslam Respublikasynyň güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, iki goňşy döwletleriň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanmak bilen türkmen tarapy Eýranyň halkyna...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY
2019-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary başlandy. 2019-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy jenap Tadomori Oşima bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara...
В ООН ОТМЕТИЛИ МЕЖДУНАРОДНЫЙ ДЕНЬ НОВРУЗ
Во время празднования Новруза страны приносят в штаб-квартиру ООН традиционные угощения. Миллионы жителей планеты тысячелетиями отмечают Новруз. Весну встречают в этот день на Балканах, в бассейне Черного моря, на Кавказе, в Центральной Азии и на Ближнем Востоке. В 2009 году Новруз включили в Репрезентативный список нематериального культурного наследия человечества, а в 2010 году члены Генеральной Ассамблеи провозгласили его международным днем. «Новруз пришел! Новруз! Дождем Новруза увл...
ТУРКМЕНСКИЕ КРАСКИ В ПАЛИТРЕ МОСКОВСКОГО НОВРУЗА
В очередной раз российская столица отметила международный праздник Новруз. Новруз-байрам – традиционный праздник весны был включен ЮНЕСКО в Репрезентативный список нематериального культурного наследия человечества. Сегодня он получил грандиозный международный размах и объединяет представителей всех стран вокруг идеи мирного развития и добрососедства. Поскольку на Новруз-байрам принято ходить друг к другу в гости и дарить подарки, то популярной формой празднеств стали международные фестивали с...
ŽENEWADA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA SEBITLEÝIN FORUM GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-22-nji martynda Ženewanyň halkara maslahatlar merkezinde Durnukly ösüş boýunça Sebitleýin forum öz işine başlady, oňa ÝYK sebitiniň ýurtlaryndan ýokary derejedäki wekiliýetler gatnaşdylar. Türkmenistandan foruma Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Albaniýanyň Saglygy goraýyş we sosial goragy ministri hanym O.Manastirlýunyň başlyklyk etmeginde geçirilen açylyş dabarasyna BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary ha...
TÜRKMENISTANDA HALKARA NOWRUZ GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ägirt uly «Türkmeniň ak öýi» guruldy. Ýaýlada, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzy giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Çärä çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Tür...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WENA ŞÄHERINDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI BARADAKY KOMISSIÝASYNYŇ 62-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 14-15-nji marty aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň neşe serişdeleri baradaky Komissiýasynyň nobatdaky 62-nji sessiýasynyň isine gatnaşdy. Komissiýanyň gün tertibiniň esasy meseleleri bolan neşe serişdeleriň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanşygy boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler neşe serişdelerine gözegçilik etmek boýunça halkara ulgamynyň geljekde hem pugtalandyrylmagyna, BMG-niň neşe serişdeler...