TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi. Çäkli düzümde geçirilen gepleşikleriň başynda dostlukly ýurduň Baştutany belent mertebeli myhmany mongol topragynda mähirli mübärekläp, Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Prezident Serdar Berdimu...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary başlandy
2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Mongoliýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batoryň “Buýant-Uhaa” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy hem-de Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Asylly...
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi
2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Pakistanda Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti As...
General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda «Suw ulagynda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 29-njy maýynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda «Suw ulagynda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly soraglar boýunça hem maslahatlaşmalar guraldy. Bu maslahata Türkmenistanyň Konsuly Gadam Ilamanow şeýle hem, Hazar sebitiniň beýleki ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň wekiler...
Stawropol ülkesiniň Edelbay obasynda Türmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) we Edelbay obasynyň 14-nji orta mekdebiniň guramagynda Edelbay obasynda Türmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä Blagodarnenskiý etrabyň häkimliginiň, medeni we bilim edaralarynyň wekilleri, Stawropol ülkesinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlaryndan ybarat talyplar gatnaşdylar. Çäre Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmakdan b...
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-eýran parlamentara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Abdoljalal Iriniň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar parlamentara gatnaşyklary, energiýa, ulag, söwda, medeniýet we bilim ýaly ugurlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys mese...
Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waşkelýawiçýusdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary berkitmek ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly...