TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-nyň 562 müň dollaryndan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Jemi 5 million 316 müň manatdan gowrak baha satyn alnan nah ýüplük Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan gelen telekeçileriň geleşikleriniň manat serişdeleriniň esasyny düzdi. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BILERMENLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrliginiň we pudak edarasynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň, Mejlisiň, Merkezi bankyň, «Türkmenawtoýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň w...
LEBAP WELAÝATYNDA TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRELER
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dürli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ilki bilen Türkmenabat şaherindäki Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerinde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara ýurduň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary o...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ EDARALARYNYŇ DÜZÜMINE SAÝLANYLDY
2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine saýlawlar geçirildi. Onuň netijesi boýunça Türkmenistan onuň iki sany möhüm edarasyna: 2021-2025-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynayň agzalygyna we 2021-2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy. Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň...
TÜRKMENISTANYŇ WE HALKARA SÖWDA MERKEZINIŇ (HSM) WEKILLERI BILELIKDÄKI TASLAMANY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Halkara Söwda merkeziniň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada söwdany ösdürmek: sebitde özara we halkara söwda ýardam» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Çärä ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Se...
SEBITDÄKI WE DÜNÝÄDÄKI YKDYSADY ÝAGDAÝY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN HALKARA PUL GAZNASY BILEN WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda wideo aragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankynyň ýolbaşçylary, Halkara pul gaznasynyň wekilleri şeýle hem, Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitiniň döwletleriniň maliýe we ykdysadyýet ministrleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirilýän yk...
TÜRKMEN-ÖZBEK DUŞUŞYGYNYŇ DOWAMYNDA SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARY IŞJEŇLEŞDIRMEK MESELELERINE SEREDILDI
2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ministrleriň orunbasarlary derejesinde Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministriniň orunbasary bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň derejesine, Türkmenistanda we Özbegistanda öndürilýän önümleriň, şol sanda dokma, ýüpek, nebitgaz, himiýa senagatlarynyň önümleriniň, oba hojalyk tehnik...