TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANDA PARAHATÇYLYGY ÜPJÜN ETMEKDE WE GÜLLÄP ÖSÜŞI GAZANMAKDA SYÝASY-DIPLOMATIK GURALLARY ULANMAGYŇ ZERURLYGYNA YNANÝAR
Şu gün Ženewada onlaýn görnüşinde geçýän Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda dünýäniň onlarça ýurdunyň, şol sanda Russiýanyň, Eýranyň, Şwesariýanyň, ABŞ-nyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki köptaraplaýyn guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Maslahatda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guttereşi...
GELJEK ÝYL TOPH GAZGEÇIRIJISINIŇ GURLUŞYGY OWGANYSTANYŇ ÇÄGINDE DOWAM EDER
Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisiniň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Dabarada çykyş etmek bilen, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýurduň ykdysady ýagdaýy barada gürrüň berdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň Owganystany dünýä ykdysadyýetine goşmaklyga bolan ymtylyşlaryna minnetdarlyk bildirip, ol aýratyn-da bu ugurda Türkmenistanyň möhüm goşandyny belledi. Türkmen tarapyndan başy başlanan taslamalarda, hususa...
TÜRKMENISTANYŇ WE MALAÝZIÝANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Malaýziýanyň Daşary işler ministri Şri Hişamuddin Tun Husseýn bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika hem-de ynsanperwerlik ulgamlaryndaky köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-n...
TÜRKMENISTAN HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA OWGANYSTAN BILEN HYZMATDAŞLYGYNY DOWAM EDER
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Ženewada Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleri tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guralan Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük onlaýn maslahat öz işine başlady. Dünýäniň onlarça ýurtlaryndan we halkara guramalaryndan ýokary derejeli wekilleri özünde jemleýän bu maslahat 4 ýylda bir gezek geçirilýändir. Bu maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler minis...
SÖWDA, YKDYSADY, YLMY WE TEHNOLOGIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň 8-nji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Meredow, koreý wekiliýetine – Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri Son Ýun Mo ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşykda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň söwda-ykdysady, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlaryndaky...
ОТМЕЧЕНА ВАЖНАЯ РОЛЬ ТУРКМЕНИСТАНА В ХОДЕ ВСТРЕЧИ ВЫСОКОГО УРОВНЯ ПО РЕГИОНАЛЬНОМУ СОТРУДНИЧЕСТВУ
23 ноября 2020 года в онлайн формате прошла встреча высокого уровня по региональному сотрудничеству в рамках Конференции по Афганистану. Туркменистан был представлен на данном мероприятии Заместителем Председателя Кабинета Министров, Министром иностранных дел Туркменистана Р. Мередовым. В ходе встречи, в которой принимали участие главы государств и правительств, а также международных организаций выступили Президент Исламской Республики Афганистан Мохаммад Ашраф Гани, Специальный представитель...
TÜRKMENISTAN ŽENEWADA GEÇIRILÝÄN OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞÝAR
2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Ženewada Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük maslahat öz işine başlady. Ol onlaýn görnüşinde Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleriniň başlyklyk etmeklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirilýär. Bu maslahat dünýäniň 100-den gowrak ýurtlaryndan we halkara guramalaryndan bolan ýokary derejeli wekilleri özünde jemledi. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary i...