RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Iýun

TÜRKMEN-FIN MASLAHATLAŞMALARYNYŇ BARŞYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň DIM-niň arasynda türkmen-fin maslahatlaşmalary geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Fin tarapyna bolsa Finlandiýa Respublikasynyň DIM-niň wekilleri we Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-y...

DOWAMY
pic
22 Iýun

Астраханские и туркменские школьники вспомнили о героях Великой Отечественной войны

22.06.2021 года при содействии Агентства международных связей Астраханской области и Консульства Туркменистана состоялась видео встреча в честь памяти Героев Великой Отечественной войны «Никто не забыт, ничто не забыто» между учениками и преподавателями школы имени Махтумкули Фраги села Фунтово Приволжского района Астраханской области и Туркмено-российской средней общеобразовательной школы имени А.С.Пушкина г.Ашхабада. Участники встречи рассказали о героях Великой Отечественной войны, проводи...

DOWAMY
pic
21 Iýun

ÝHHG-NIŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOYUNCA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK

21-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň barşynda ÝHHG-niň adam ölçegleri boýunça meseleleriniň çäklerindäki taslamalaryň...

DOWAMY
pic
21 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raise Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady. «Türkmenistan bilen goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen ýakyn gatnaşyklar özüniň köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Biz dost-doganlygyň we özara hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan bu gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk y...

DOWAMY
pic
21 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ANTONIU GUTERRIŞI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY WEZIPESINE GAÝTADAN SAÝLANMAGY BILEN GUTLADY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişe onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany Gutlag hatynda Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan BMG-niň Baş sekretaryna üstünlikleri arzuw etdi. «Türkmenistan häzirki wagtda halkara durmuşyň ähli wajyp ugurlaryny öz içine alýan Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan gatnaş...

DOWAMY
pic
18 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÜRKMEN-GERMAN SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

2021-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar Komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn özara hereketleriň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini bellenil...

DOWAMY
pic
17 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ YLYM WE TEHNOLOGIÝALAR BOÝUNÇA IKINJI SAMMITINIŇ ÇÄKLERINDE MÖHÜM BAŞLANGYÇLARYŇ BIRNÄÇESINI YGLAN ETDI

2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy. “Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar” atly sammite YHG agza ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet Baştutanlary, ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň gün...

DOWAMY