TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
YHG-NYŇ 15-NJI SAMMITINIŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GURALDY
2021-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabadyň “Garagum” otelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Birifinge Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary we işgärleri, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler, şeýle hem daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň başynda Ykdysady Hyz...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ 15-NJI SAMMITI GEÇIRILDI
28-nji noýabrda - Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) döredilen gününde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynda ýolbaşçylyk edýär. Döwletimiz tarapyndan bu gurama başlyklyk şu ýylyň 4-nji martynda Türkiýede onlaýn görnüşde geçen YHG-nyň ýolbaşçylarynyň 14-nji sammitiniň barşynda kabul edildi. Nobatd...
AŞGABATDA YHG-NIŇ AGZA DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 25-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gurama agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisde YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji duşuşygynyň başlygy - Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler minis...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
26-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ynanyşmak, özara hormat goýmak we bähbitlilik...
AŞGABATDA YHG-NYŇ MINISTRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ ÖŇÜSYRASYNDA ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-ýurtlarynyň Ýokary wezipeli şahslarynyň mejlisi geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. Çäräniň gün tertibine Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri, YHG-nyň Baş sekretarynyň hasabatyna hem-de YHG-nyň seb...
YHG AGZA DÖWLETLERIŇ IŞEWÜRLER MASLAHATY
2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine daşary ýurtlardan 40 wekil, hususan-da YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Aziýa Ösüş Bankynyň, YHG agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we Söwda biržalar birleşiginiň, Türkiýe-Pakistan Söwda-senagat edarasynyň hem-d...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDÜRIÝETINIŇ MEREKZI AZIÝA ÜÇIN TÄZE SEBITLEÝIN MAKSATNAMASYNY IŞE GIRIZMEK DABARASYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Daşkent şäherinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Ýerine ýetiriji sekretary Geda Fathi Waliniň gatnaşmagynda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekmek hem-de ony işe girizmek dabarasy geçirildi. Köpugurly gepleşiklerde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaş...