TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMEN-GAZAK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Aşgabatda türkmen tarapyndan – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ç.Gylyjowyň we gazak tarapyndan – Premýer-ministriň orunbasary R.Sklýaryň bilelikde başlyklyk edýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine bar bolan döwletara ylala...
AŞGABATDA TÜRKMEN-GAZAK HEREKETLERINI ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaý...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YHG-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Öz çykyşynda türkmen tarapy owgan halkyna ynsanperwer goldawyny bermegiň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
19-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklar we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň yzygider depgini nygtaldy. Energetika pudagy iki ýurduň arasynd...
THE IMPORTANCE OF THE INITIATIVE OF THE PRESIDENT OF TURKMENISTAN “DIALOGUE – A GUARANTEE OF PEACE” WAS EMPHASIZED ON THE PLATFORM OF THE “CENTRAL ASIA – INDIA” DIALOGUE MEETING
On December 19, 2021, the 3rd meeting of the “Central Asia – India” Dialogue was held in the capital of India, New Delhi. In his address at the meeting, Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan R.Meredov noted the need to further improve the functioning of the “Central Asia-India” Dialogue. In particular, a number of specific proposals were made aimed at creating a solid institutional basis for a new format of political interaction between the Central Asian countries and India. In th...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «HINDISTAN – MERKEZI AZIÝA» DIALOGYNYŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYGA GATNAŞDY
19-njy dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Delide (Hindistan) geçirilen «Hindistan – Merkezi Aziýa» Dialogynyň ministrler derejesindäki üçünji duşuşygynyň işine gatnaşdy. Duşuşyga Hindistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda köpu...
YSLAMABAT ŞÄHERINE SAPARYNYŇ DOWAMYNDA TÜRKMENISTNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI PAKISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
18-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagtyna sapar bilen gitdi. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçiri...