SOŇKY HABARLAR
KHBS üçin maglumat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý bilen baglylykda, ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup, daşary ýurt raýatlarynyň, awtoulaglaryň we demir ýol ulaglarynyň hereket edýän düzüminiň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri doly üpjün edýändigini habar berýär. Şol bir wagtyň özünde, döwlet serhedindäki ähli halkara gözegçilik nokatlary adaty...
Türkmenistanyň DIM-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler. Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hu...
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Matilda Bogneriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň özara hormat goýmaga, ynamyň berkidilmegine we ösüşiň milli aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagyna esaslanýan adam hukuklary boýunça konstruktiw dialogyň tarapdarydygy nygtaldy. BMG bilen 2026–2030-njy ýyllar...
Duşenbede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirilýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbede geçirilýän Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisine gatnaşmak üçin saparda bolýar. Mejlis 2026-njy 3-nji martynda öz işine başlap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň we Täjigistanyň Premýer-ministriniň...
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär. Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde ähli çylşyrymly halkara meseleleriň syýasy-diplomatik serişdeleriň we usullaryň ulanylmagy arkaly BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: parlamentara dialogyň berkidilmegi we hyzmatdaşlygyň geljegi
2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa iki günlük resmi sapary başlandy. Şol gün Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň we Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösýändigini hem-de özara bähbitli ugurlaryň giň geri...
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri,...