Astrahan şäherinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan tegelek stol geçirildi
2017-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsullygy we Astrahan döwlet tehniki uniwersiteti bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
Tegelek stola Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň maglumat-seljeriş we guramaçylyk işleri boýunça bölüm başlygy Tropisin Ilýa Wasiliýewiç, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Astrahan boýunça wekilhanasynyň wekili Budanow Alekseý Nikolaýewiç, “Hazar-Ýewraziýa” jemgyýetçilik-syýasatyny öwreniş we halkara merkeziniň ýolbaşçysy Syzranow Andreý Wýaçislawowiç, jemgyýetçilik işgärleri, Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, şeýle hem Astrahanyň ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy we onuň ösüşi barada giňişleýin maglumat berildi. Bu babatda aýdylanda, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigi, şeýle hem sebitiň ýurtlary we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň tutýan işjeň we oňyn ornunyň BMG we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi bellenildi.
Şeýle hem, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara bitaraplyk güni” Kararnamasynyň kabul edilendigi we bu halkara hukuk resminamasynyň esasynda dünýä taryhynda ilkinji gezek her ýylyň 12-nji dekabry halkara Bitaraplyk güni hökmünde belleniljekdigi mälim edildi.