Astrahan şäheriniň “Illýuzion” kinoteatrynda türkmen kino günleri öz işini başlady
Türkmenisanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullugy (Astrahan ş.) Astrahan oblastynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň we 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilýän baýramçylyk dabaralyr mynasybetli Astrahan şäheriniň “Illýuzion” kinoteatrynda türkmen kino günleri öz işini başlady.
2015-nji ýylyň 09-nji noýabrynda türkmen kinolarynyň günleriniň ilkinji güni geçdi. Türkmen kinolarynyň güni dabaraly açylyşdan başlap türkmen halkynyň milli şekillendiriş sungatynyň we şaý-sep önümleriniň görkelişi bilen dowam etdi. N.K.Krupskiý adyndaky Astrahan oblastynyň ylmy kitaphanasynyň ýardam etmeginde hem “Illýuzion” kinoteatrynda içinde “Türkmenistan-milli medeniýetiň janly sapagy” atly kitap sergisi gurnaldy.
Bu çärä gatnaşmak üçin, Astrahan oblastynyň Hökümetiniň wekilleri, Astrahan şäherindäki konsullyk edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we ýerli habar beriş serişdeleri hem-de Astrahanda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmen kino günleriniň dabaraly açylyş gününde “Magtymguly” çeper filmi görkezildi. Türkmen kino günleri “Haly rowaýaty” we “Akmaýanyň ýoly” çeper filmleri bilen ýene 2 gün dowam eder.