Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyna ýaşaýan Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrbynyň Atal obasynda konsert geçdi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň çäklerinde geçirilýän baýramçylyk dabaraly mynasybetli Astrahan şäherinde gelen Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyna 2015-nji ýylyň 14-nji noýabrynda ir-säher bilen türkmeniň klassiki şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine dabaraly gül desselerini goýmak çäresi geçdi. Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Astrahan oblastynyň hökümetiniň agzalary, Astrahan oblastyndaky türkmen diasporasynyň ýolbaşçylary we Astrahan şäherinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.
Soňra ýurdumyzyň döredijilik wekilýeti köp ýyllaryň dowamynda ýaşap gelýän oturymly türkmenleriň ýaşaýan Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrbynyň Atal obasyna tarap ugradylar. Myhmanlary Atal obasynda däp bolşy ýaly duz-çörekli garşy aldylar. Şol gün obanyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Konsert oturymly türkmenleriň ýaşaýan goňşy obalaryndan hem Funtowa-1 we Funtowa-2 obalaryndan adamlary ýygnady. Baýramçylyk konserte gatnaşmak üçin Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrabynyň häkimýetiniň wekilleri we oba arçynlary gatnaşdylar. Baýramçylyk sowhunly geçmek bilen, ýygnanalaryň şatlyk duýdulary uly el-çarpyşmalar bilen aýan etdi.

Konsert tamamsanandan soň ýurdumyzyň döredijilik topary oturymly türkmenleriň ýaşaýan goňşy obasy bolan Funtowa-1 obasyna tarap ugur aldy. Ol ýerde ýerli türkmenler bilen gyzgyn duşuşyk-gürrüňdeşlik geçirildi. Dostlukly geçen gürrüňdeşligiň barşynda Türkmenistandan gelen myhmanlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusy barada, alynyp barylýan daşary we içeri saýasaty barada, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Baştutanlygynda ýöredýän ägirt uly durmuş-ykdysady özgerişler barada öz buýsançy sözlerini aýtdylar.
Türkmen diasporasynyň wekilleri öz gezeklerinde Milli lideriň alyp barýan dostlukly we hoşnietli goňşyçylykly syýasatynyň Astrahan toparygynda hem duýulýandygyny billäp geçip, mundan beýläkde dostlukly gatnaşyklaryň uzakdan bolmagyny dileg etdiler.
Gürrüňdeşlige gatnaşan Astrahan oblastynyň Priwolžsk etrabynyň häkimýetiniň wekilleri we oba arçynlary Astrahan topragynda ýaşaýan halklaryň milliligini we milli medeniýetini ösdürmekde alyp barýan işleri barada hem gürrüň berdiler.