TÜRKMENISTAN BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER
2015-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Ermeni tarapyň wekiliýetine Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Şawarş Koçarýan ýolbaşçylyk etdi.Duşuşygyň başynda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş derejesini kanagatlanma bilen belläp, taraplar iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary köpugurly ösdürmäge meýillidigini aýtdylar.
Duşuşygyň gün tertibine abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki bilelikdäki ylalaşykly hereketler, şertnama-hukuk goruny döretmek ýaly syýasy hyzmatdaşlyk meseleleri girizildi. Taraplar ykdysadyýet we energetika ulgamlarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Logistika hem-de howa gatnawynyň çäklerindäki gatnaşyklary ýola goýmak barada taraplaryň gyzyklanmasy bellenildi. Söwda-ykdysady we energetiki hyzmatdaşlyk barada bu ugurdaky aragatnaşygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda maglumat alyş-çalşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada aýdyldy.
Duşuşygyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygy baradaky meseleler barada pikir alşyldy. Şeýle hem medeni-gumanitar, esasan hem bilim ulgamynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.