Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsulyň Galmygystan Respublikasyna we Stawropol ülkesine iş sapary boldy
2018-nji ýylyň 05-06 noýabry aralygynda Galmygystan Respublikasyna sapary döwründe Konsul Galmygystan Respublikasynyň Hökümetiniň Birinji Orunbasary S.P.Badmaýew bilen, şeýle hem, B.B.Gorodiwikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň prorektory K.E.Badmaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekilleriniň gatnaşmagynda resmi duşuşyklary geçirdi. Şol güni türkmen wekiliýeti B.B.Gorodiwikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen hem duşuşygyny geçirdi. Bu resmi duşuşyklarda taraplar ikitaraplaýyn iş gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar, şeýle hem, 2019-njy ýylda Magtymgulynyň şygyrýet gününi Galmygystan Respublikasynda geçirmekligi barada maslahatlaşdylar.
2018-nji ýylyň 07-08 noýabry aralygynda Stawropol ülkesine sapary döwründe Konsul Stawropol ülkesiniň Gubernatory W.W.Wladimirow, Demirgazyk-Kawkaz federal uniwersitetiniň prorektory I.W.Solowýowa we bu uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen resmi duşuşyklaryny geçirdi. Stawropol ülkesiniň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşykda rus tarapy Türkmenistan bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirildi. Bu boýunça rus tarapyna, Hazarda türkmen – rus iş geňeşini döretmek barada türkmen tarapynyň başlangyjyna goşulmaklygy maslahat berildi.