Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly Astrahan oblastynyň gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýetirijisi bilen tanyşlyk duşuşygyny geçirdi

photo

2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Astrahan oblastynyň gubernatorynyň dolandyryş edarasynyň duşuşyklar otagynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly Atadurdy Baýramow Astrahan oblastynyň gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýetirijisi Sergeý Morozow bilen tanyşlyk duşuşygyny geçirdi.

Atadurdy Baýramow gubernatoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sergeý Morozowa gutlag sözlerini aýtmagy bilen birlikde wagt tapyp duşuşygyň geçirilýändigi sebäpli minnetdarlygyny bildirdi hem-de Türkmenistan Astrahan sebiti bilen hyzmatdaşlyk ugrunda esasan hem, Hazar deňizi boýunça gatnaşyklara örän gyzyklanma bildiriýändigi barada aýtdy. Şeýle hem, astrahanlylaryň telekeçilerinden başlap okuwçylaryna çenli Türkmenistanda geçirilçän dürli görnüşli çärelerine gatnaşýandygyklary barada habar berdi. Şular ýaly çäreleriň biri 2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda geçirilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sporty boýunça II festiwalyna Astrahanyň tehniki liseýinden 20 wekiliniň gatnaşandyklaryny habar berdi. Türkmenistanyň Konsuly şeýle-de gubernatoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sergeý Morozowyň Türkmenistana saparyny iki tarapyň amatly wagtynda amala aşyrmaklygy teklip etdi.

Gubernatoryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sergeý Morozow öz gezeginde, astrahan-türkmen özara hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berýändigini we bu hyzmatdaşlygy mundan hem beýläk işjeňleşdirmeklygy teklip etdi.