Gurban baýramy bilen baglylykda 12-13-14-nji sentýabr Türkmenistanda iş güni däl diýlip yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiz “Gurban baýramyny bellemek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl Gurban baýramy 12-13-14-nji sentýabrda bellenilip, şol günler iş güni däl diýlip yglan edildi. Bu nurana baýramyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we rehimdarlyk taglymyna ygrarly türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň üýtgewsizdigine şaýatlyk edýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda 12-13-14-nji sentýabrda Konsullygyň iş güni däl.