img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň DIM-nde Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurtlarda akkreditirlenen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemleri boýunça kabul edilen resminamalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly geljekki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly milli konsepsiýany, Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny hem-de Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere garaldy.