img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlise Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulularymyz, jemgyýetçilik wekilleri hem-de beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, olary we ýurdumyzyň ähli halkyny ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, merdana türkmen halkymyza gülläp ösüş we bagtyýarlyk arzuw etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ägirt uly işler amala aşyryldy. Türkmenistan dünýäniň abraýly hem-de kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata Watanymyzyň beýik ösüşlere tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanýandygyny aýdyň görkezdi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli amala aşyrýar. Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlarynyň ählumumy möhüm wezipelerini hem-de görkezijilerini milli ösüş strategiýalaryna we maksatnamalaryna ornaşdyran ilkinji döwletleriň biridir.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine hödürlenen soraglar boýunça çykyş etjek adamlara söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlise gatnaşanlara ýüzlenip, şu günki taryhy mejlisde döwlet we syýasy-jemgyýetçilik durmuşymyzdaky örän möhüm soraglaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Soňra Halk Maslahatynyň mejlisi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna söz berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany çykyşynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleriň netijeleri barada giňişleýin durup geçdi hem-de ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşlarynyň doly görnüşleri bilen şu salgylanmalaryň üsti bilen tanşyp bilersiňiz: https://mfa.gov.tm/ru/articles/2029, https://mfa.gov.tm/ru/articles/2030.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet Baştutany tarapyndan degişli Permanlara we Kararlara gol çekildi. Resminamalara laýyklykda, hususan-da, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasy, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklandy.