Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan şäheri) Astrahan oblastynyň Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebinde açyk sapak geçirdi
2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Astrahan oblastynyň Priwolžskiý raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdepde Konsullyk tarapyndan açyk sapak geçirildi.
Çäräniň esasy maksady Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkitmekden, Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny hem-de golaýdaky Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini giňden wagyz etmekden ybarat boldy.
Açyk sapaga Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynyň diplomatlary, mekdebiň ýolbaşçylary, mugallymlary we mekdep okuwçylary bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Açyk sapagynyň dowamynda mekdebiň müdiri we Konsullygyň hem-de türkmenler jemgyýetiniň wekilleri türkmen-rus gatnaşyklary, iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň syýasy ähmiýeti barada çykyş etdiler.
Çäre tamamlanandan soňra myhmanlar, mekdebiň muzeýine baryp gördüler we türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy hem-de milli däp-dessurlary bilen tanyşdyrýar.