img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň ýylyň 23-nji iýulynda Maldiwler Respublikasynyň Male şäherinde Prezident Köşgünde Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Geldynazarow Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti Mohamed Muizzu öz ynanç hatlaryny gowşurdy.

Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Maldiwler Respublikasynyň Prezidentine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetiren Ilçi, Türkmenistanyň iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti Mohamed Muizzu hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle hem ol Maldiwler Respublikasynyň Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky Ilçisi Şalar Geldynazarow Türkmenistanyň hem-de Maldiwler Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.