img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - ASTRAHAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi

photo

2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de amerikan wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Prezident Donald Trampyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, Prezident Donald Trampa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de senator Stiw Deýnsiň ýurdumyza saparynyň türkmen-amerikan dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirip, onuň saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Merkezi Aziýa — ABŞ” formatyndaky sammite gatnaşmak üçin geçen ýylyň noýabrynda Waşington şäherine amala aşyran iş sapary munuň aýdyň mysalydyr. Saparyň dowamynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen söhbetdeşlikde türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekde ony has-da ösdürmek boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň fewralynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Florida ştatyna amala aşyran saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde wajyp ähmiýeti bellenildi. Ýokary derejedäki şeýle dialog Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmek üçin möhüm syýasy esas hökmünde çykyş edýär.

Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmaga ýardam berýär.

Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysady gatnaşyklary utgaşdyrmakda “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň uly goşandy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika, ulag, maliýe, bank, öňdebaryjy tehnologiýalar, emeli aň ýaly möhüm ugurlarda ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow energetika babatda sebitde geljegi uly Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurdumyzyň ýokary baha berýändigini aýdyp, bu taslamanyň sebitde ykdysady ösüşi, hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Bilim, ylym, medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp bölegi bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ bilen uzak möhletli we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, senator Stiw Deýnse işinde uly üstünlikleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.