Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji 29-njy dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi we Täze ýylyň öňüsyrasyndaky bu söhbetdeşlige berk özara dostlugyň nyşany hem-de iň gowy arzuwlary beýan etmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň 26-njy dekabrda Özbegistanyň parlamentine we halkyna ýüzlenmesinde 2026-njy ýyly «Mahalleleri ösdürmek we jemgyýeti özgertmek ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, şeýle çözgüdiň kabul edilmegi özbek jemgyýetiniň milli bähbitlerine, zerurlyklaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelip, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýän syýasy ugruny netijeli dowam etdirmäge gönükdirilendir.
Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda Türkmenistanyň hem okgunly ösýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gündogar müçenamasy boýunça geljek ýylyň ýylky ýylydygy bilen baglylykda, Türkmenistanda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi.
Özbegistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi.
Gahryman Arkadagymyz maksatlaryň umumylygyny nazara alyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Şawkat Mirziýoýewiň 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Arkadagymyz ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, dürli derejedäki özara saparlaryň işjeňleşendigine ünsi çekdi hem-de Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatyň işine gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň diplomatlarynyň halkara ähmiýetli başlangyçlary we teklipleri ilerletmäge gönükdirilen özara gatnaşyklary dowam etdirjekdigine ynam bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna we ilçihanalaryna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanandygyna ünsi çekdi.
Hormatly Arkadagymyz 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada durup geçdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegiň möhümdigini belläp, Merkezi Aziýa, Aral we Hazar sebitlerinde, Amyderýada suw meselelerini çözmäge gönükdirilen hereketleriň bilelikdäki maksatnamasyny işläp düzmegiň zerurdygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen ýene-de bir gezek gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.