“Beýik bitaraplygyň nyşany – meniň baýdagym dünýä ýüzünde parlaýar” atly çeperçilik bäsleşigi
2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenisanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan ş.) hem-de Konsullygyň ýanyndaky türkmen talyplarynyň “Berkarar” geňeşi bilen bilelikde, 2016 ýyl “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde “Beýik bitaraplygyň nyşany – meniň baýdagym dünýä ýüzünde parlaýar” atly çeperçilik bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry türkmeniň milli baýramçylygy bolan Baýdak baýramynyň öňi syrasynda Türkmenisanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynda bolup geçdi.
Bäsleşige Russiýanyň günorta böleginde bilim alýan türkmen we daşary ýurt raýatlary gatnaşdyrlar. Ilkinji gezek geçirilýän bu bäsleşik gatnaşyjylarda saýlanan ugurlar boýunça taýýarlanmak çäklenme döretmedi, esasy şert mowzugy doly görkezmek boldy.
Bäsleşik 2 ugur boýuçna geçirildi:
Sungat
- Wideo taýýarlamak
- Şekillendiriş sungaty
Edebiýat
- Şygyr
- Ylmy makala
Bäsleşige gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy milli aýdymdyr sazlar bilen dowam etdi.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenisanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygy tarapyndan hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.